Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we türkmen wekiliýetiniň Italiýa saparynyň çäklerinde çarşenbe güni Milanda türkmen-italýan işewürlik maslahaty geçirildi. Onda dürli resminamalara gol çekildi.
Maslahatda diplomatik ugurlar boýunça 12 ähtnamalara we ylalaşyklara gol çekildi. Resminamalar energetika, senagat we ulag, dokma senagaty, şeýle hem bank işi, saglygy goraýyş we lukmançylyk senagaty, ylym-bilim boýunça ugurlardan ybarat boldy.
Türkmen telekeçileri hem italýan kompaniýalary bilen enjamlary we önümçilik tehnologiýalary satyn almak boýunça 11 şertnama gol çekdiler.
Çarşenbe güni başlan resmi saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarella we premýer-ministri Juzeppe Konte bilen duşuşar.