Penşenbe güni irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Rome Cavalieri” myhmanhanasynda Italiýanyň işewürleri bilen duşuşdy.
Iş ertirligi görnüşinde geçirilen duşuşyga “Danieli”, “ENI”, “Leonardo S.p.A”, “Maire Tecnimont”, “Valvitalia”, “Thales Alenia Space”, “Bonatti”, “SACE”, “Pietro Fiorentini” ýaly kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow işewürleriň her biri bilen aýratyn görüşdi.
“Biziň ýurdumyz Italiýa bilen giň, köpugurly, özara bähbitli söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklaryny ýola goýmak, olara uzak möhletleýin häsiýeti bermek ugrunda çykyş edýär” diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Dokma senagatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň mümkinçilikleri barada aýtmak bilen, döwlet Baştutany häzir Türkmenistanda pudagyň ençeme kärhanalarynyň “Marzoli” we “Sawio” ýaly italýan kompaniýalarynyň enjamlary bilen üpjün edilendigini aýratyn belledi.
“Türkmenistan pagta öndürýän ýurt bolmak bilen, dünýä derejesindäki dokma önümlerini öndürmek üçin, bu çig malyny doly gaýtadan işlemegi ugur edinýär” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti italýan kompaniýalaryny ýokary hilli önümleri bilelikde öndürmek babatda hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň sekiz aýynda Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda Italiýanyň üçünji orny eýeländigi barada maglumat berdi.
“Italiýa syýahatçylyk ulgamynda dünýäniň öňdebaryjylarynyň biridir, şonuň üçin biz ýurdumyzda döwrebap syýahatçylyk pudagynyň işini uzak möhletleýin esasda ýola goýmak üçin italýan hünärmenleriniň çekilmegine hem gyzyklanma bildirýäris” diýip, türkmen Lideri belledi.
“SACE” kompaniýasynyň prezidenti Benýamino Kwintýeri Italiýanyň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanýandygyny belläp, “SACE” döwlet eksport-karz agentliginiň türkmen bazarynda işlemäge isleg bildirýän kompaniýalara we kärhanalara, şol sanda kiçi we orta işewürligiň wekillerine zerur bolan goldawy bermäge taýýardygyny tassyklady.
Milanda geçirilen işewürler maslahatynda “SACE” kompaniýasynyň ýardam etmeginde dokma senagaty we demir ýol pudagy ulgamlarynda ýöriteleşdirilen italýan kompaniýalarynyň ikisi türkmen hyzmatdaşlary bilen degişli şertnamalara gol çekdiler.
“ENI” kompaniýasynyň gazyp almak boýunça baş direktory Alessandro Puliti öz nobatynda 10 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanda üstünlikli işleýändigi barada aýdyp, şereketiň türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmegi göz öňünde tutýandygyny belledi.
Soňra dikuçarlary, uçarlary, täze döwrüň uçarmansyz uçýan enjamlaryny, awiasiýa we kosmos ulgamlaryny, elektronikany, howpsuzlyk hem-de maglumatlary goraýyş ulgamyny öndürýän Italiýanyň iri maşyngurluşyk holdingleriniň biri bolan “Leonardo S.p.A.” kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Alessandro Profumo çykyş etdi.
“Biziň kompaniýamyz degişli maksatnamalary Türkmenistanyň ugurdaş kärhanalaryna uly höwes bilen hödürläp biler” diýip, “Leonardo S.p.A.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy belledi.
“Maire Tecnimont” kompaniýalar toparynyň baş ýerine ýetiriji direktory Pýerroberto Folgiýero bilelikdäki taslamalaryň, hususan-da, metanol we beýleki gazhimiýa önümlerini öndürmek babatda taslamalaryň amala aşyrylmagyna gyzyklanmanyň bardygyny aýtdy.
Iş ertirliginde hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary bilen ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýlelikde, işewürlik we açyk söhbetdeşlik ýagdaýynda geçen ertirligiň barşynda ýangyç-energetika pudagynda, söwda-ykdysady ulgamda, himiýa, awiasiýa we aerokosmos senagatynda, ulag ulgamynda, oba we suw hojalygynda, gurluşyk senagatynda we beýleki ugurlarda işewür gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri we ugurlary barada pikir alşyldy.
Türkmenistanyň we Italiýanyň telekeçileriniň arasyndaky haryt dolanyşygy 2019-njy ýylyň 9 aýynda ABŞ-nyň 9 million dollaryna golaý boldy. TSTB-niň agzalary Italiýanyň “Desnet Ballestra”, “SACMI”, “Fondital”, “Eurosicma”, “Navatta”, “Storci” ýaly belli kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýärler.
Häzirki wagtda Türkmenistanda 70-den gowrak italýan kompaniýalary hereket edýär.