“Ford” bilen “Ferrari”-niň bäsdeşligi "Berkarar"-da görkeziler

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ford” bilen “Ferrari”-niň bäsdeşligi "Berkarar"-da görkeziler
Film 1960-njy ýyllarda “Ford” we “Ferrari” awtoulag kompaniýalarynyň arasyndaky bäsdeşligi üns merkezine alýar.

“Ford v Ferrari” filmi 14-nji noýabrda “Berkarar” söwda-dynç alyş merkeziniň kinoteatrynda görkezilişe giriziler.

Film 1960-njy ýyllarda “Ford” we “Ferrari” awtoulag kompaniýalarynyň arasyndaky bäsdeşligi üns merkezine alýar. Şol döwürde “Ford” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bolan Genri Ford II “Ferrari”-den üstün çykjak ýaryş awtoulagyny işläp taýýarlamak maksady bilen topar düzýär.

Maşyngurluşyk dizaýneri bolan Karol Şelbi we ýaryş awtoulagynyň sürüjisi Ken Maýlsyň ýolbaşçylygyndaky amerikan inženerler topary “Ford GT40” kysymly ýaryş awtoulagyny öndürýärler. “Ford v Ferrari” filminde bu awtoulagy taýýarlamakda toparyň başyndan geçiren gyzykly wakalary giňişleýin suratlandyrylýar.

Filmde Karol Şelbiniň keşbini Mett Deýmon, Ken Maýlysyň keşbini bolsa Kristian Beýl ýerine ýetirýär. Oskarly aktýorlaryň surata düşmeginde çykarylan “Ford v Ferrari” filmine Jeýms Mengold režissýorlyk edýär. Mengold 2018-nji ýylda “Logan” filmi bilen Oskara dalaşgär görkezilipdi.

ABŞ-da düşürilen filmde taryhy Le Man awtoulag ýaryşlaryndan hem sahnalar görkezilýär. “Ford v Ferrari” kinosynda öndürilýän “Ford GT40” awtoulagy üç ýyl yzly-yzyna bu ýaryşyň ýeňijisi bolýar. 

2022