Ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini döwlet belligine almagyň tertibi tassyklanar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini döwlet belligine almagyň tertibi tassyklanar
Ýuridik şahsyň emele gelmegindäki telekeçilik işi “Kärhanalar hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynda bellenen tertipde döwlet belligine alynýar.

Türkmenistanda ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslary – hususy telekeçileri döwlet tarapyndan bellige almagyň tertibini Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklamak göz öňünde tutulýar.

Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Goçmyrat Myradow bu kadalaşdyryjy namanyň Türkmenistanyň “Telekeçilik işi hakyndaky” Kanunyna laýyk gelýändigini habar berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow degişli resminamanyň taslamasynyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan taýýarlanylandygyny belläp, bu namanyň telekeçilik işini tertipleşdirmäge, salgyt-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendigini aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen resminamanyň taslamasyny degişli düzümler bilen ylalaşmagyň zerurdygyny belledi.

Häzirki wagtda hereket edýän “Telekeçilik işi hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň telekeçilik işini döwlet belligine almak baradaky maddasynda ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslary-hususy telekeçileri döwlet tarapyndan bellige almagyň tertibiniň Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýändigi aýdylýar. Täze resminama telekeçilik işini agzalan görnüşde bellige salmak üçin ýerine ýetirilmeli işlere giňişleýin beýan getirer.

Ýuridik şahsyň emele gelmegindäki telekeçilik işi “Kärhanalar hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynda bellenen tertipde döwlet belligine alynýar.

2022