Gazagystanyň Baş sanitariýa lukmany 'umumy meseleleriň umumy çözgüdine' garaşýar

BT
Gazagystanyň Baş sanitariýa lukmany 'umumy meseleleriň umumy çözgüdine' garaşýar
GDA gatnaşyjy döwletleriň Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk boýunça mejlisiniň nobatdaky sany “Arçabil” myhmanhanasynda geçirildi.

GDA gatnaşyjy döwletleriň Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk boýunça mejlisiniň nobatdaky sany anna güni Aşgabat şäheriniň “Arçabil” myhmanhanasynda geçirildi. Mejlisiň soňunda Gazagystanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik saglygyny goramak komitetiniň başlygynyň orunbasary, Baş döwlet sanitariýa lukmany Žandarbek Bekşin “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren beýanatynda sebitde AIDS keseline garşy görülýän çäreler barada maglumat berip, “GDA agza döwletleriň ilatynyň saglygy” Strategiýasynyň peýdalary barada aýdyp berdi:

"Ýurtlarymyzyň arasynda saglyk ulgamynda özära gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly mümkinçilikler bar. Biziň umumy meselelerimiz bar, olaryň çözgüdi hem umumy bolar."

– Bu ugurda köp işler ýola goýulmaly. Häzirki wagtda bize diňe AIDS-e garşy däl, eýsem inçe kesel bilen kesellän hassalary bejermekde hem anyk işleri kesgitlemeli. Meniň pikirimçe, inçe kesel hassalaryny seňki ýa-da meňki diýip bölmeli däl. Haýsy ýurtda şeýle hassa gabat gelinse wagt eglemezden bejergä başlanmaly. Bu ýagdaý AIDS üçin hem şeýle. Wirusyň güýjüni azaltjak bejergi berilmese onuň ýaýramagyna sebäp bolup bilýär. Häzirki wagtda halkara ugurlarda syýahat edýänleriň arasynda AIDS wirusy bilen kesellän hassalaryň sany azaldy. Öňüni alyş çäreleriniň wagtynda ýola goýulmagy, maliýe, fiziki we ruhy taýdan diňe peýda getirer.

– “GDA agza döwletleriň ilatynyň saglygy” Strategiýasynyň nähili peýdalary bolar?

– Häzirki wagtda biz GDA döwletleri hökmünde bir ykdysady meýdançada ýaşaýarys. Keselleri diňe birlikde hyzmatdaşlygyň we tejribe paýlaşmagyň netijesinde ýeňip bileris. Ýurtlarymyzda bar bolan mümkinçilikleri bejergi almak we sagalmak üçin ulanmaly. Häzirki zaman lukmançylyk merkezlerimiz we şypahanalarymyz bar. Türkmenistanda ýerleşýän, böwrek kesellerini bejerýän Baýramaly şypahanasynyň ady çagalyk döwrümden bäri ýadymda. Gazagystanda transplantologiýa ulgamynda ähmiýetli işler ýerine ýetirilýär. Ýurtlarymyzyň arasynda saglyk ulgamynda özära gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly mümkinçilikler bar. Biziň umumy meselelerimiz bar, olaryň çözgüdi hem umumy bolar.

2022