“Ýumak” hususy fermasynda gündelik 6 tonnadan gowrak süýt alynýar

BIZNES TÜRKMENISTAN

Şu ýyl bäş ýyllygyny belleýän “Ýumak” hususy kärhanasy ýylyň başyndan bäri 1677 tonna süýt we 50 müň tonna et önümlerini gaýtadan işlemäge iberdi.

Kärhana Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň çäginde kärendä alan boş meýdanynda maldarçylyk fermasyny gurdy. Şol günden bäri fermada iri şahly mallaryň sany üç esse artdy. Häzirki wagtda bu ýerde golştino-friş tohumly sygyrlaryň müňden gowragy idedilýär.

Sagylýan sygyrlaryň sany 650-den geçýän kärhanada gündelik 6 tonnadan gowrak süýt alynýar. “Ýumak” HK-niň direktorynyň orunbasary Jumamyrat Hojanyýazow iýmit mümkinçiliginiň gowulanandygyny aýdyp, “bir ýyldan soň kärhanada gündelik sagymy 15 tonna çenli ýokarlandyrmagy meýilleşdirýäris” diýip belledi.

Kärhana bölünip berlen 600 gektar meýdanda hasyllygy artdyrmak maksady bilen toplumlaýyn oba-hojalyk işlerini geçirdi. Häzirki wagtda meýdanda mekgejöwen, arpa, tritikale (bugdaý bilen çawdaryň gibridi), soýa, ýorunja ýetişdirilýär.

2022