“Erkin gurluşyk” hususy kärhanasy Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynda ýerleşýän miweçilik meýdanynda welaýatda ilkinji bolup kölegelik düzümini gurnady, şeýle hem bu ýerde döwrebap suwaryş tehnologiýasyny ornaşdyrdy.
Kölegelikleriň Ýewropada giňden ulanylýandygyny aýdan kärhananyň direktorynyň orunbasary Parahat Şamyradow “Kölegelikler miwe agaçlarynyň ösmegini güýçlendirýär, aýratyn hem gurak yklymlarda giňden ulanylýar” diýip belledi.
Hususy kärhananyň hünärmenleri iki ýyl öň birnäçe gektarda ekilen alma baglarynda ulananlaryndan soňra kölegelikleriň ähmiýetine göz ýetirdiler. Bu ýerde miwe baglary kök salyp, ilkinji hasylyny berdiler. Ekerançylar her ýyl bagyň meýdanyny 20-30 gektara çenli artdyrmagy göz öňünde tutýar.
Baglarda agaçlaryň ösmegi we hasyllylygyň artmagy kökleri suwaryş tehnologiýasyny ulanmak arkaly amala aşdy. Damjalaýyn suwaryş usuly 20 gektardan gowrak meýdana ekilen üzümçilikde hem ornaşdyryldy.
“Erkin gurluşyk” köp ugurly kärhanadyr. Uzakmöhletleýin kärendä almak şertnamasy esasynda alnan meýdanda ekerançylar miwe we bakja ekinlerini ýetişdirýär.
Şeýle hem bu ýerde mal saklamak üçin ferma gurlup, onda häzirki wagtda iri şahly mallaryň 300 sanysy idedilýär. Ýakynda “Erkin gurluşyk” 630 gektar meýdany iým ekmek üçin kärendä aldy. Özleşdirilenden soňra bu ýerde mekgejöwen, arpa, ýorunja ekmek maksat edinilýär. Iým gorlarynyň artmagynyň netijesinde mallaryň baş sanynyň 850-ä ýetmegine mümkinçilik dörär.