“Jeren” hususy kärhanasy milli döwrebap kürtelere gadymy nagyşlary salýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Jeren” hususy kärhanasy milli döwrebap kürtelere gadymy nagyşlary salýar
“Jeren” hususy kärhanasy diňe bir kürte hödürlemek bilen çäklenmän, onuň ýanynda milli bezeg daşlaryny we şaý-seplerini hem müşderilerine ýetirýär.

Türkmen milli lybaslarydyr şaý-sepleri häzirki günleriň toýlarynyň esasy bezegleri hasaplanyp gelýär. Däp-dessurlarymyza kybap gelýän milli geýimleri taýýarlaýan “Jeren” hususy kärhanasy öz önümlerini Aşgabat şäheriniň Garry Kulyýew köçesiniň ugrunda ýerleşýän “Hilli hyzmat” binasyndaky hususy dükanynda ilata hödürleýär.

Hususy kärhananyň direktory Rejepmyrat Nazargulyýew elde tikilýän owadan kürteleriň 3-4 aý öňünden taýýarlanyp başlanýandygyny aýdyp, nagyşlarda türkmen däpleriniň saklanmagyna uly üns berilýändigini belledi.

Kärhananyň menejeri Oguljeren Nazargulyýewa bu ugurda 15 ýyl bäri zähmet çekýändigini mälim etdi we “Her täze işi ýerine ýetirýän wagtym öz “täzeligimi” girizýärin” diýip belläp geçdi.

“Satyjylar we maslahatçylar bilen bilelikde ýaşlara reňkleriň we bezegleriň sazlaşygyny saýlamak boýunça kömek edýäris. Ýaşlaryň ýatdan çykmajak toý dabaralaryny geçirmäge ähli şertler bar” diýip, Nazargulyýewa sözüniň üstüni ýetirdi.

“Jeren” hususy kärhanasy diňe bir kürte hödürlemek bilen çäklenmän, onuň ýanynda milli bezeg daşlaryny we şaý-seplerini hem müşderilerine ýetirýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022