2022-nji ýyla çenli Merkezi Aziýada IT hünärmenlerine, analitiklere talap güýçlener

BIZNES TÜRKMENISTAN
2022-nji ýyla çenli Merkezi Aziýada IT hünärmenlerine, analitiklere talap güýçlener
2013-2017-nji ýyllar aralygynda programma üpjünçiligi bilen meşgullanýan hünärmenleriň işe alnyşy iki essä golaý artdy.

Gerekli hünärmenleri işe almak dördünji senagat rewolýusiýasyna uýgunlaşmak isleýän kompaniýalar we öndüriji taraplaryň esasy meseleleriniň biri bolup durýar.

Bütindünýä ykdysady forumynyň 2022-nji ýyla çenli iş ugurlaryndaky çaklamalaryna görä, maglumatyň elýeterli bolmagy we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak biznes ösüşine oňyn täsir eder.

Guramanyň 12 tapawutly senagat ugurlaryna wekilçilik edýän jemi 15 milliondan gowrak işgäri bolan kompaniýalarda geçiren seljermelerine görä, emeli zehin we internet tehnologiýalary bilen bagly mümkinçilikleriň köpelmegi talap edilýän täze iş ugurlaryny döreder, şol bir wagtda käbir wezipeleriň ähmiýetini peselder.

Seljerme geçirilen kompaniýalaryň 70%-den gowragynyň 2022-nji ýyla çenli uly göwrümli maglumatlary işläp taýýarlaýan, applikasiýa we web bilen bagly bazara girmäge mümkinçilik berýän, zatlaryň interneti (IoT) we bulut maglumat ulgamynda işlemäge şert döredýän täze tehnologiýalary ýerleşdirmegine garaşylýar. Iş ugurlaryndaky täze wezipeleriň paýy bolsa 11% ýokarlanyp, 27% bolar.

Seljermä gatnaşan kompaniýalaryň 84% döwrebap tehnologiýanyň esasynda dörejek iş orunlaryna täze işgär almagy göz öňünde tutjakdyklaryny mälim etdiler.

Bu ýagdaý 2022-nji ýyla çenli maglumaty seljerýän alymlaryň, emeli zehin we robot tehnologiýasy bilen meşgullanýanlaryň, satyş we marketing hünärmenleriniň, programma üpjünçiligi bilen meşgullanýan IT hünärmenleriň, adamyň we robotyň güýçlerini utgaşykly ulanmakda gerekli iş meýdançasyny dizaýn etjek inženerleriň, gaýtadan işlenýän energiýa çeşmelerine ýöriteleşen hünärmenleriň, şeýle hem sanly ulgama geçişe gözegçilik etjek bilermenleriň ähmiýetiniň has hem ýokarlanjakdygyny görkezýär.

Guramanyň “LinkedIn” bilen bilelikde taýýarlan maglumatyna görä, 2013-2017-nji ýyllar aralygynda programma üpjünçiligi bilen meşgullanýan hünärmenleriň işe alnyşy iki essä golaý artdy. Merkezi Aziýa sebitinde bu görkeziji iki esseden geçdi. Sanly ulgamyň kämilleşmegi we gündelik durmuşyň dolulygyna tehnologiýa bilen utgaşdyrylmagy ugrunda edilýän tagallalar hünärmen babatynda bu ugurdaky talabyň güýçlenmegine getirdi.

Bütindünýä ykdysady forumynyň Merkezi Aziýa ýöriteleşdirilen seljermesinde 2022-nji ýyla çenli sebitdäki kompaniýalaryň 91%-i uly göwrümli maglumatlary işlemäge we ulanmaga mümkinçilik berýän tehnologiýany önümçiliklerine ýerleşdirmegi göz öňünde tutýar. Kompaniýalaryň 83%-niň programma üpünçiligi bilen bagly täzelikleri, 77%-niň awtomatlaşdyrylan bulut ulgamynda işlemäge mümkinçilik berýän tehnologiýany, 50-60%-niň bolsa emeli hakykaty, 3D çap işlerini, sanly söwdany, geýilýän enjamlary, sürüjisiz ulaglary we robotlary ulanmaga başlamagyna garaşylýar.

Şeýlelikde, programma üpjünçiligini işläp taýýarlaýan we olary seljerýän, uly göwrümli maglumatlary işlemäge we ulanyşa taýýarlamaga ukyply bolan hünärmenleriň iş mümkinçilikleri has hem artar. Bulardan gelip çykýan önümleriň satuw we maliýe işlerini ýola goýjak hünärmenleriň hem ähmiýeti ýokarlanar.

Täze tehnologiýanyň talaplary bilen utgaşdyrylan iş meýdançalarynda işlemäge isleg bildirýän hünärmenlerden talap edilýän häsiýet aýratynlyklary hem tapawutlanar. Täze pikirleri döretmäge meýilli, tehnologiýa bilen bilelikde özüni hem kämilleşdirýän hünärmenler bir ädim öňde bolar. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022