Türkmen telekeçisi “Taýyn” önümleri bilen azyk önümçiliginiň üstüni ýetirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçisi “Taýyn” önümleri bilen azyk önümçiliginiň üstüni ýetirýär
Telekeçi O.Orazowa aş önümleriniň 7 görnüşiniň bardygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy telekeçi Orazjemal Orazowa “Taýyn” haryt nyşanly taýýar önümlerini sarp edijilere ýetirýär.

Häzirki wagtda telekeçi Orazowa Aşgabatda ýerleşýän kiçi önümçilik kärhanasynda dürli görnüşli taýyn aşlary öndürýär. Kärhanada Eýrandan getirilen enjamlar ulanylyp, her gün taýýar aş önümleriniň ýüzlerçe gaby satuwa çykarylýar.

Aş önümleriniň hem-de mäş, tüwi, greçka ýarmasy, merjimek ýaly azyk önümleriniň 15-e golaý görnüşini gaplaýandygyny aýdan telekeçi “Aş önümleriniň 7 görnüşi bar. Mäşdir tüwini, greçka ýarmasyny, merjimegi ilki arassalap, saýhallap, soň­ra 450 gramdan başlap, 900 gramlyk, 5-10 kilogramlyk gaplara ýerleşdirýäris” diýip belledi.

“Biz ownuk aşyň gowrulan görnüşini ilki bolup satuwa goýberdik. Taýýarlamak üçin has amatly, şeýle-de üýtgeşik tagamly bolansoň, bu azyk önüminiň müşderileri has-da artýar” diýip, Orazowa aş önümleri baradaky sözüniň üstüni ýetirdi.

Telekeçi Orazjemal Orazowa dünýä aşhanasyndan dürli tagamlary taýýarlamakda tejribesiniň bardygy sebäpli, naharlaryň taýýarlanylyşy barada mahabatlary taýýarlap, internet torlary arkaly okyjylary bilen paýlaşýar.

“Taýyn” haryt nyşanly önümleriň gaplary türkmen hususyýetçileri tarapyndan üpjün edilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022