Türkmenistanyň döredijilik senagatynyň wekilleri Daşkentdäki foruma gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň döredijilik senagatynyň wekilleri Daşkentdäki foruma gatnaşdy
Türkmenistanyň hususy döredijilik senagatynyň wekilleri ilkinji gezek “Creative Central Asia” forumyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň hususy döredijilik senagatynyň wekilleri ilkinji gezek “Creative Central Asia” (Dörediji Merkezi Aziýa) forumyna gatnaşdy.

Forumyň 22-23-nji noýabrda Özbegistanyň Daşkent şäherindäki “Wyndham” myhmanhanasynda geçirilen nobatdaky sanyna “Belli Creative Studio”, “Caspy Creative”, “Akylly Tilsimat”, “Türkmen Tranzit” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, “Hi Ashgabat” sahypasynyň dörediji wekilleri, şeýle hem el işi bilen meşgullanýan türkmenistanlylar gatnaşdy.

“Creative Central Asia 2019” forumynyň çäklerinde kompaniýalar öz iş ugurlary, taslamalary bilen bagly çykyş etdiler.

“British Council” (Britan Geňeşi) tarapyndan 2017-nji ýyldan bäri geçirilýän “Creative Central Asia” forumlary Merkezi Aziýada döredijilik senagatyny ösdürmek, şeýle hem Beýik Britaniýa bilen sebitiň ýurtlarynyň döredijilik wekilleriniň arasynda gepleşikler geçirmäge gerekli bolan platformanyň döredilmegini maksat edinýär.

Forumyň 2017-nji we 2018-nji ýyllarda Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilen sanlaryna Birleşen Patyşalykdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan we Özbegistandan 120-ä golaý wekil gatnaşdy.

2022