“Ýunus daýhan” Amyderýanyň sag kenarynda 25 müň düýp alma ýetişdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ýunus daýhan” Amyderýanyň sag kenarynda 25 müň düýp alma ýetişdirýär
“Ýunus daýhan” Amyderýanyň sag kenarynda 25 müň düýp alma ýetişdirýär.

Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýän depede 25 müň düýp alma agajy ýetişdirilýär. Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň çägindäki bu bagçylyk “Ýunus daýhan” daýhan hojalygyna degişlidir.

Hususyýetçi Ýunus Abdullaýew tarapyndan idedilýän alma baglary Türkmenistanyň howa şertlerine laýyk gelip, ol datly tagamy bilen tapawutlanýar.

Döwrebap usullarda idedilýän alma agaçlary damjalaýyn usulda suwarylýar. Şeýle hem Amyderýadan ýörite turbalar bilen çekilýän suwdan tygşytly peýdalanylýar.

“Ýunus daýhan” geçirilýän ýerli we halkara sergilerine hem-de maslahatlaryna işjeň gatnaşýar. Geçen ýylyň dowamynda iýun aýynda Ýaponiýada  geçirilen oba-hojalyk boýunça okuw-maslahatyna, şeýle-de noýabr aýynda Daşkentde geçirilen “UzAgroExpo – 2018” 14-nji Halkara sergisine gatnaşdy.

Daýhan hojalygy geljek ýyllarda depeleri özleşdirip, miwe baglarynyň sanyny artdyrmagy göz öňünde tutýar.

2022