Türk kompaniýasy kiberhowpsuzlyk boýunça tejribelerini türkmen hünärmenleri bilen paýlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türk kompaniýasy kiberhowpsuzlyk boýunça tejribelerini türkmen hünärmenleri bilen paýlaşdy
“STM Cyber” türk kompaniýasynyň merkezi Ankara şäherinde ýerleşýär.

Türkiýäniň “STM Cyber” kompaniýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde (TSTB) kiberhowpsuzlyk boýunça sişenbe güni okuw maslahatyny geçirdi.

Çärä döwlet edaralarynyň we hususy pudagyň hünärmenleri, şol sanda IT-tehnologiýalary we IT-howpsuzlygy boýunça iş alyp barýan TSTB-niň agzalary gatnaşdylar.

Ýygnananlar “STM Cyber”-iň iş ugurlary bilen tanyşyp, kompaniýanyň aragatnaşyk tehnologiýalary boýunça döreden önümlerini we hyzmatlaryny jikme-jik görüp bildiler. Kompaniýanyň hünärmenleri kiber hüjümleriniň öňüni almak boýunça kiberhowpsuzlygy seljermek babatynda tejribelerini paýlaşdylar.

Iş ugry boýunça dünýäniň iň uly kompaniýalarynyň biri hökmünde tanalýan “STM Cyber” türk kompaniýasynyň merkezi Ankara şäherinde ýerleşýär. Şeýle-de Stambul we Karaçi şäherlerinde kompaniýanyň şahamçalary hereket edýär.

Türkmenistanyň «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Kanunynyň taslamasyna 6-njy sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi.

Türkmenistanda hereket edýän hususy maglumat tehnologiýalary kompaniýalary hem kiberhowpsuzlyk babatynda berýän hyzmatlaryny täze Kanuna görä şekillendirer. Şeýle kompaniýalardan “Türkmen Tranzit” mart aýynda kompaniýanyň düzüminde kiberhowpsuzlyk bölümini açypdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022