“Syýahat” kartlaryna her aýda $10,000 geçirilip bilner

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Syýahat” kartlaryna her aýda $10,000 geçirilip bilner
Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş banky “Syýahat” kartlaryny 1-nji noýabrdan işe girizdi.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ulanyşa goýberen “VISA Classic Syýahat” we “MasterCard Standard Syýahat” halkara bank kartlaryna bir aýyň dowamynda 10,000 ABŞ dollaryna çenli pul ýüklemäge raýatlara mümkinçilik döredildi. Bankyň şahsy taraplaryň hasaplar bölüminiň başlygynyň ýerine ýetirijisi Mähri Bazarowa “Biznes Türkmenistan” neşirine beren beýanatynda täze halkara bank kartlaryndan Türkmenistanyň islendik raýatynyň peýdalanyp biljekdigini aýtdy.

Bazarowa “Syýahat” kartlarynyň hasabynyň diňe daşary ýurt walýutasynda doldurylýandygyny aýdyp, bu prosesiň dowamynda müşderilerden serişdäniň nireden gelip çykandygy barada maglumat talap edilmeýändigini belledi.

Daşary ykdysady iş bankynyň wekili kart hasaplaryna nagt görnüşinde, şeýle hem beýleki walýuta hasaplaryndan geçiriljek serişdeleriň hasabyna pul ýükläp bolýandygyny nygtady.

“Täze kartlaryň ikisiniň hem mümkinçilikleri deň bolup durýar. Bu kartlardan bir gije-gündiziň dowamynda 200 ABŞ dollary nagt görnüşinde alnyp bilinýär. Bank bu hyzmatdan 1.75% tutum alýar. Nagt däl hasaplaşyklarda bolsa, çäklendirme ýok” diýip, Bazarowa aýtdy.

Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş banky “Syýahat” kartlaryny 1-nji noýabrdan işe girizdi. Bankdan alnan maglumatlara görä, bu kartlary almaga isleg bildirýän raýatlar şahsy pasportyny we onuň göçürmesini, şeýle hem biometrik pasportynyň maglumat ýerleşdirilen sahypasynyň göçürmesini görkezmek arkaly banka ýüz tutup, bir hepdäniň dowamynda “Syýahat” kartlaryna eýe bolup bilerler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022