Türkmen hususyýetçileri Awstriýanyň wekiliýeti bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen hususyýetçileri Awstriýanyň wekiliýeti bilen duşuşdy
Düzümine hususy pudagyň wekillerini hem öz içine alýan myhmanlar Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek baradaky pikirlerini beýan etdiler.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde çarşenbe güni Awstriýa Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Duşenbe güni Türkmenistana sapara gelen Awstriýanyň Ykdysadyýet boýunça federal palatasynyň wise prezidenti Rihard Şensiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet TSTB-de bolan duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hususy pudagyna degişli gepleşikleri geçirdi.

TSTB-niň başlygy Aleksandr Dadaýew häzirki güne çenli türkmen hususyýetçileriniň ýurtda alyp baran işleri bilen myhmanlary tanyşdyryp, geljekde hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlary barada belläp geçdi.

Düzümine hususy pudagyň wekillerini hem öz içine alýan myhmanlar Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek baradaky pikirlerini beýan etdiler. Duşuşykda Awstriýanyň we Türkmenistanyň arasyndaky syýahatçylyk gatnaşyklaryna aýratyn üns çekildi.

Şeýle hem çarşenbe güni awstriýaly wekiliýet “Bir Dünýä” hojalyk jemgyýetiniň kärhanasyna aýlanyp gördüler. Kärhanada Awstriýanyň kämil we öňdebaryjy enjamlary ornaşdyrylan.

2017-nji ýylyň iýun aýynda Wenada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň söwda wekilhanasy açyldy.