Gökdepe etrabynda pomidor ýetişdirmäge niýetlenen täze ýyladyşhana açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gökdepe etrabynda pomidor ýetişdirmäge niýetlenen täze ýyladyşhana açyldy
Ýyladyşhana her ýylda pomidoryň bandeta görnüşinden 3800 tonna öndürmäge ukyplydyr.

"Yrsgal Ojagy" hojalyk jemgyýeti Ahal welaýatynyň Gökdepe Etrabynyň Üzümçilik Daýhan Birleşiginiň çäginde penşenbe güni täze ýyladyşhana açdy.

Oba-hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmek maksatly bölünip berlen 30 gektar ýeriň 10 gektaryny eýeleýän ýyladyşhananyň gurluşygynda Türkiýäniň, Ispaniýanyň, Nederlandlaryň kompaniýalarynyň önümleri ulanyldy.

Ýyladyşhana her ýylda pomidoryň bandeta görnüşinden 3800 tonna öndürmäge ukyplydyr.

Öndürilen önümleriň içerki bazardan artan bölegi Birleşen Arap Emirliklerine, Gazagystana, Gyrgyzystana we Russiýa Federasýasyna eksport ediler.

Ýyladyşhanada gurnalan sowadyş enjamlary arkaly tebigy howanyň gyzgynlygy 45 gradus yssy bolan ýagdaýynda hem, içerde ösümlikler üçin zerur bolan 25 gradus howa sazlanar. Ýyladyş merkeziniň kömegi arkaly tebigy howa -17 gradus bolan ýagdaýynda hem ýyladyşahananyň içinde 2-25 gradus üpjün ediler.

Ösümlikler üçin zerur bolan tebigy suw ýörite çeleklere ýygnalandan soňra, düzümi dürli minerallar bilen baýlaşdyrylyp, desga berilýär. Bu döwrebap ýyladyşhananyň diňe suw üpjünçiligi we ýylylygy dälde, eýsem, kömürturşy gazy we ýagtylygy hem akylly tilsimatlar arkaly awtomatiki sazlanýar.

Ýyladyşhananyň içinde zähmet çekjek 125 işgär üçin iş otaglary, naharhana, dynç alyş otaglary we beýleki zerur bolan şertler göz öňünde tutulandyr.

Açylyş çäresiniň dowamynda 10 gektarlyk ikinji ýyladyşhananyň hem düýbi tutuldy.

2022