Daşoguzda pomidor goýultmasyny öndürýän täze kärhana işe giriziler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguzda pomidor goýultmasyny öndürýän täze kärhana işe giriziler
Kärhana daýhan birleşiklerinde ösdürilip ýetişdiriljek pomidor hasylyny kärendeçiler bilen baglaşyljak şertnamalar esasynda satyn alar.

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda telekeçi Şatlyk Kakajanow pomidor goýultmasynyň önümçiligini ýola goýmaga taýýarlanýar.

Etrabyň “Ýalkym” daýhan birleşiginden bölünip berlen ýerde hususy önümçiligini alyp barjak telekeçi kärhanasynda Türkiýe döwletiniň döwrebap enjamlaryny ýerleşdirdi.

Kärhananyň önümçiliginiň ýyllyk iş kuwwatlylygynyň 350 tonna pomidor goýultmasyny öndürmäge ukyplydygyny aýdýan Kakajanow, “Munuň üçin ýüzlerçe tonna pomidoryň gerek boljakdygy düşnükli. Onuň aladasy-da eýýäm edildi. Daýhan birleşiklerinde ösdürilip ýetişdiriljek pomidor hasylyny kärendeçiler bilen baglaşyljak şertnamalar esasynda kärhanamyza satyn alarys” diýip belledi.

Häzirki wagtda kärhananyň gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Täze ýyla çenli önümçiligiň işe girizilmäge doly taýýar bolmagyna garaşylýar.