“Diýar guşy” ýerli bazary broýler jüýjesi bilen üpjün eder

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Diýar guşy” ýerli bazary broýler jüýjesi bilen üpjün eder
Häzirki wagtda “Diýar guşy” HJ-niň fermalar toplumynda bir inkubator ulgamy, 16 sany tohumçylyk we dört sany ýetişdirme fermasy bar.

“Diýar guşy” hojalyk jemgyýeti Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde broýler jüýjelerini (ROSS-308) öndürýän fermalar toplumyny önümçilige goýbermäge taýýarlanýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Diýar guşy” HJ-niň fermalar toplumynda bir inkubator ulgamy, 16 sany tohumçylyk we dört sany ýetişdirme fermasy bolup, olarda Türkiýe, Belgiýa ýaly döwletleriň enjamlary oturdyldy.

Kompaniýa tohumçylyk fermalaryndaky towuklardan alan ýumurtgalarynyň 90%-i inkubator üçin ulanyp, olaryň 80%-den jüýje çykarmagy maksat edinýär.

Toplum broýler jüýjeleriniň ýylda 25 million sanysyny öndürmäge ukyplydyr.

“Diýar guşy” hojalyk jemgyýeti toplumyň çägindäki gurluşygy tamamlanyp barýan iým zawodynda enelik towuklar üçin ýörite iým öndürmegi meýilleşdirýär.

Häzirki wagtda broýler jüýjeleri esasan, Türkiýeden import edilýär. “Diýar guşy” önümçilik kuwwaty bilen towukçylyk bilen meşgullanýan ýerli telekeçileri jüýje bilen dolulygyna üpjün etmegi göz öňünde tutýar.

Kompaniýa daşary ýurtdan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge gönükdirilen maksatnamanyň esasynda hereket etmek bilen, ýerli bazary dolulygyna üpjün edenlerinden soňra, goňşy ýurtlara eksport etmegi hem maksat edinýär.

“Diýar guşy” 2020-nji ýylyň başyna önümçilige başlar.

2022