Türkmen telekeçileriniň eksport mukdary ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçileriniň eksport mukdary ýokarlandy
Türkmenistanyň ykdysadyýetinde hususy pudagyň paýy 65.4 göterime deň boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründe 65 göterimden ybarat bolupdy.

Şu ýylyň ýanwar – noýabr aýlarynda Türkmenistanyň hususy taraplarynyň daşary ýurtlara eksport eden azyk harytlarynyň möçberi 45,2 göterim, azyk däl we senagat harytlarynyň eksporty 10,1 göterim artdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çary Gylyjow bu barada maglumat berdi. Gylyjow 2019-njy ýylyň ilkinji 11 aýynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarynyň senagat önümlerini 16,3 göterim, oba hojalyk we azyk önümlerini 16,4 göterim köp öndürendigini mälim etdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça 11 aýyň dowamynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, söwda dolanyşygynyň umumy möçberi 22 göterim artdy. Bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 10,2 göterim, lomaý haryt dolanyşygynyň möçberi 30,7 göterim artdy. Öndürilen önümiň möçberi 10,6 göterim ýokarlandy.

Wise-premýer Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça hasabat döwründe 230 birža söwdasynyň geçirilendigini we 27 müň 939 şertnama hasaba alynandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda hususylaşdyrmagyň çaltlandyrylmalydygyny belläp, ykdysadyýetiň önüm öndürýän pudagynda esasy wezipäniň bazar institutlaryny berkitmegi dowam etmekden, erkin bäsleşigi ösdürmekden we hususy işewürlik başlangyçlaryny höweslendirmekden ybaratdygyny nygtady.

Türkmenistanyň ykdysadyýetinde hususy pudagyň paýy 65,4 göterime deň boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründe 65 göterimden ybarat bolupdy.