Hytaýyň Anhoý welaýatynyň senagatçylary türkmen telekeçileri bilen hyzmatdaşlyga taýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hytaýyň Anhoý welaýatynyň senagatçylary türkmen telekeçileri bilen hyzmatdaşlyga taýýar
Hytaýly myhmanlar Anhoýyň iri senagat desgalary, önümçilik zawodlary bilen tanyşdyryp, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde duşenbe güni Hytaýyň Anhoý welaýatynyň Syýasy geňeşmeler boýunça başlygynyň orunbasary Li Sýusunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Birleşmäniň Söwda we Halkara bölüminiň ýolbaşçylary tarapyndan kabul edilen myhmanlar, türkmen telekeçileriniň alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy.

Hytaýly myhmanlar Anhoý welaýatynyň iri senagat desgalary, önümçilik zawodlary bilen tanyşdyryp, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Anhoý welaýatynyň Syýasy geňeşmeler komitetiniň wekiliýetiniň Türkmenistana sapary çarşenbe gününe çenli dowam edýär.

2022