“Myradym” hususy kärhanasynyň balykçylary häzirki wagta çenli Halaç etrabyndaky ýörite balyk köpeldilýän suw howdanynda ýaş balyklaryň 2,500 tonna golaýyny ýetişdirdi.
Ýetişdirilen ýaş balyklar Kerki etrabynyň “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” adyndaky suw howdanyna, şeýle-de Darganata etrabynyň çägindäki Düýeboýun suw howdanyna goýberildi.
Türkmenistanda iň uly emeli suw howdany “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” ozal “Myradym” hususy kärhanasy tarapyndan satyn alnypdy.
Hususy kärhana degişli suw howdanynda balyklaryň ak amur, lakga, tüňňi maňlaý, çapak, zagara, gara balyk, daban ýaly görnüşleriniň 10-dan gowragyna gabat gelmek bolýar.
Lebap welaýat balyklary goraýyş we gözegçilik gullugynyň düzgünnamasyna laýyklykda ýerli balykçylar bilen şertnama baglaşan kompaniýa güýz paslynda öz ýetişdiren balyklaryny ilata hödürlemäge başlady.
“Myradym”-yň alyp barýan balykçylyk işlerine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň döwlet balyk goraýyş we suwuň bioserişdelerine gözegçilik müdirliginiň ýerlerdäki işgärleri gözegçilik edýärler.
“Myradym” hususy kärhanasy 2013-nji ýylda esaslandyrylan “Hazar balyk” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň paýdary bolup durýar.