“Wozroždeniýe” sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň taslamasyny hödürledi

BIZNES TÜRKMENISTAN

Russiýanyň “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukato Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Aşgabadyň günorta böleginde gurulmagy göz öňünde tutulýan sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň taslamasyny we çyzgysyny hödürledi.

Türkmen Lideriniň sişenbe güni paýtagt boýunça amala aşyran saparynyň dowamynda “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň hödürlän taslamalaryň tehniki häsiýetnamalary bilen tanşyp, şäheriň durmuş ulgamlarynyň ählisiniň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek hem-de onuň ekologiýa abadançylygy üçin bu inženerçilik desgasynyň ähmiýetini belledi.

Sil suwuny sowujy desganyň taslamasy düzülende hem-de bu desga gurlanda, şeýle desgalara bildirilýän talaplar berk berjaý edilmelidir, ylmy esasda ähli ölçegleriň takyk hasaplamalary geçirilmelidir diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we taslamany işläp taýýarlaýjylara degişli maslahatlary berdi.

“Wozroždeniýe” kompaniýasy Türkmenistanda köpugurly köprüleriň birnäçesiniň gurluşygyny ýerine ýetirdi.

2022