Türkmen Lideri agtygy bilen täze saz eseriniň üstünde işledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Lideri agtygy bilen täze saz eseriniň üstünde işledi
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Aşgabatdaky atçylyk toplumynda Şapolat atly bedewi bilen gezim etdi.

Ýekşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow agtygy Kerim bilen häzirki zaman saz sungaty we onuň ösüş ugurlary barada pikir alyşdy.

Türkmen Lideri ses studiýasynda Kerimiň döreden we täzeden işlän saz eserleri, onuň aýratynlyklary, sanly ulgam arkaly sungat eserlerine özboluşly öwüşgin çaýmagyň ugurlary bilen tanyşdy.

Milli Liderimiz agtygynyň täze eserini diňläp, her bir aýdymyň döwrüň ruhuny beýan etmelidigini, şunda halkymyzyň aýdym-saz ýörelgelerini hem unutmaly däldigini belledi.

Şeýle hem, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Aşgabatdaky atçylyk toplumynda Şapolat atly bedewi bilen gezim etdi. Soňra, Türkmen Lideri Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň sport toplumyna bardy we ol ýerde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde maşklary ýerine ýetirdi.

2022