Türkmen programmaçylary “Play Market”-de tölegli applikasiýalaryny satyp bilerler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen programmaçylary “Play Market”-de tölegli applikasiýalaryny satyp bilerler
Programmaçylar özleriniň applikasiýalarynyň beýleki döwletlerde satuwyny we bahasyny gözegçilikde saklap bilýärler.

Türkmenistanly programmaçylar “Google Play Store”-da smart telefonlar we planşetler üçin niýetlenen applikasiýalaryny we oýunlaryny satyp bilerler.

Resmi “Google Support” sahypasynda berilýän maglumata görä, “Google” özüniň “Play Console”-da 14 sany döwletiň, şol sanda Türkmenistanyň programmaçylary üçin söwda akkauntlaryny hasaba almagy ýola goýdy.

Ozal “Play Console”-da Beniniň, Botswananyň, Maliniň, Mozambigiň, Togonyň we Türkmenistanyň programmaçylary diňe tölegsiz applikasiýalary we oýunlary ýerleşdirip bilýärdiler. Häzirki wagtda olar söwda akkauntlaryny döredip, özleriniň tölegli applikasiýalaryny we oýunlaryny satyp bilýärler.

Türkmenistan üçin “Play Market”-da goýulýan applikasiýalaryň tölegi amerikan dollarynda alnyp barylýar.

Burundi, Kongo, Gwineýa, Lesoto, Liwiýa, Malawi, Mauritaniýa we Niger döwletlerinde hem ozal “Google Play”-da applikasiýa goýmak mümkinçiligi ýokdy. Häzirki wagtda bu döwletleriň programmistleri özleriniň tölegli we tölegsiz applikasiýalaryny we oýunlaryny ýerleşdirip bilýärler.

Programmaçylar 150 döwletde “Google Play”-iň üsti bilen özleriniň applikasiýalaryny paýlaşyp bilýärler, emma söwda akkaunty olaryň ählisi üçin elýeter däl. Şeýle-de olar özleriniň applikasiýalarynyň beýleki döwletlerde satuwyny we bahasyny gözegçilikde saklap bilýärler.

2018-nji ýylyň dekabr aýynyň maglumatyna görä, “Google Play”-da 2.6 milliondan gowrak applikasiýalar ýüklemek üçin ýerleşdirilen.

2022