“Heimtextil-2020” sergisinde türkmen dokma we haly önümleri görkeziler

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Heimtextil-2020” sergisinde türkmen dokma we haly önümleri görkeziler
Germaniýanyň Frankfut şäherinde her ýyl geçirilýän dokmaçylyk önümleriniň halkara sergisine 130-dan gowrak döwletden dürli kompaniýalar gatnaşýar.

Türkmenistanyň Dokma senagat ministrliginiň önümleri, şeýle hem türkmen haly önümleri “Heimtextile-2020” halkara sergisinde görkeziler.

Germaniýanyň Frankfut şäherinde her ýyl geçirilýän dokmaçylyk önümleriniň halkara sergisine 130-dan gowrak döwletden dürli kompaniýalar gatnaşýar.

Indiki sergi 7-10-njy ýanwarda geçirilip, onda Türkmenistanyň dokma senagaty ministrligi tarapyndan dürli görnüşli ýorgan-düşek toplumlar, çalgyçlar, ýüplükler we çig matalar, şeýle-de türkmen haly önümleri myhmanlara görkeziler.

Serginiň dowamynda daşary ýurduň dürli kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşygyny ýola goýmak maksady bilen, degişli gepleşikleriň geçirilmegi hem meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi indi bäş ýyl bäri öz önümleri bilen “Heimtextile-2020” halkara sergisine gatnaşýar. Soňky iki ýylyň dowamynda bolsa, halkara derejesinde geçirilýän sergileriň ählisine gatnaşmagy ýola goýdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022