“Talhan” konditer önümçiliginiň görnüşini artdyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Talhan” konditer önümçiliginiň görnüşini artdyrdy
Müşderiler “Talhan”-yň önümlerini paýtagtyň bazarlarynda we söwda merkezlerinde ýerleşýän nokatlaryndan alyp bilýärler.

Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Gülzaman” hojalyk jemgyýetiniň “Talhan” konditer önümleri täze ýylyň öňüsyrasynda önümleriniň görnüşlerini artdyrdy.

Müşderiler “Talhan”-yň önümlerini paýtagtyň bazarlarynda we söwda merkezlerinde ýerleşýän nokatlaryndan alyp bilýärler.

Häzirki wagtda “Talhan” konditer kärhanasy gündelik 20 müň çörek, çörek-bulka önümleriniň 30-dan gowrak görnüşlerini, 2,500-e golaý süýji önümleriň 50 görnüşini, 40-50 sany tort görnüşlerini ilata ýetirýär.

Kärhanada Germaniýanyň, Şweýsariýanyň we Şwesiýanyň döwrebap enjamlary, ýewropa tehnologiýalary we ýokary hilli çig mallar ulanylýar.

“Talhan” konditer kärhanasy “Gülzaman” HJ-niň düzüminde 2017-nji ýylda döredildi. Häzirki wagtda Aşgabat şäherinde “Talhan” kafeleriniň iki sanysy, “Gülzaman” hojalyk jemgyýetiniň binasynda we “Bagtyýarlyk” söwda-dynç alyş merkezinde müşderilere hyzmat edýär.

2022