Ýewroparlamentiniň resmisi Merkezi Aziýanyň strategiki ähmiýetini nygtaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýewroparlamentiniň resmisi Merkezi Aziýanyň strategiki ähmiýetini nygtaýar
Ýewropa Parlamentiniň Merkezi Aziýa boýunça wekiliýetiniň wise-prezidenti Andris Ameriks

Ýewropa Parlamenti Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda mäkäm we döwrebap hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maksat edinýär. Bu barada Ýewropa Parlamentiniň Merkezi Aziýa boýunça wekiliýetiniň wise-prezidenti Andris Ameriks Brýusselde neşir edilýän “The Parliament” neşirinde şu hepde ýazan teswirlemesinde aýdýar.

“Merkezi Aziýany ÝB üçin möhüm hyzmatdaş edýän zat – onuň Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky çatrykda, strategiki orunda ýerleşýänligi, şeýle-de onuň ÝB-niň energiýa importyndaky paýy we 70 million ilatlyk bazar mümkinçiligidir” diýip, Ameriks ýazýar.

Onuň aýtmagyna görä, Owganystanda parahatçylygy ösdürmek üçin, ÝB Merkezi Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmelidir – bu ýagdaý tutuş sebitiň howpsuzlygy we ondan hem ýokarysy üçin orän möhümdir.

“Sebitde rowaçlygy pugtalandyrmak üçin, bäsleşige ukyply hususy eýeçilik pudagyny ýola goýmak, şeýle-de açyk maýa goýum şertlerini we ykdysady döwrebaplaşdyrmany goldamak juda möhümdir. 2019-njy ýylyň noýabr aýynda ÝB Merkezi Aziýada maýa goýumlary, bäsleşige ukyplylygy, kanunyň hökmürowanlygyny we söwdany goldamak boýunça üç sany täze sebitleýin maksatnama badalga berdi” diýip, Ameriks “The Parliament” neşirinde ýazýar.

ÝP-niň Merkezi Aziýa boýunça wekiliýetiniň wise-prezidenti Andris Ameriks ÝB-niň Merkezi Aziýadaky döwrebaplaşdyrmak çärelerine itergi bermek isleýändigini aýdyp, bu ugurda bilimiň we ylmy-barlaglaryň ornunyň möhüm boljakdygyny belleýär. Şonuň üçin ol “Erasmus+” maksatnamasynyň örän ähmiýetli boljakdygyny we onuň güýçlendirilmelidigini nygtaýar.

“Täze meýdança - ÝB Merkezi Aziýa Ykdysady Forumy – sebitara we halkara söwdany we ykdysady hyzmatdaşlygy goldamak maksatly döredildi. Ilkinji Ykdysady Forum Gyrgyzystanyň başlangyjy bilen 2020-nji ýylyň birinji ýarymynda Bişkekde geçiriler” diýip, Ameriks ýazýar.

ÝP-niň resmisi Merkezi Aziýanyň beýleki taraplar üçin hem barha gyzykly sebite öwrülýändigine ÝB-niň doly düşünýändigini, emma onuň basdaşlyga ymtylmaýandygyny aýdýar. Munuň tersine, ol ÝB-niň sebitde ygtybarly ösüş, durnuklylyk we howpsuzlyk babatda ähli taraplar bilen sebitleýin hyzmatdaşlygy durmuşa geçirmek isleýändigini belleýär.

Andris Ameriks latwiýaly syýasatçy we ykdysadyýetçidir. Mundan öň ol Riga şäheriniň häkiminiň orunbasary bolup işläp, 2019-njy ýylda Ýewropa Parlamentiniň agzasy wezipesine saýlandy. Ameriks Ýewropa Parlamentiniň Transport we Syýahatçylyk komitetiniň, şeýle-de Petisiýalar komitetiniň hem agzasydyr.  

2022