Türkmen doňdurmalary Hytaýyň bazarynda satylmaga başlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen doňdurmalary Hytaýyň bazarynda satylmaga başlandy
Şu ýylyň ahyrlarynda kompaniýanyň öndürýän plombir görnüşli doňdurmalarynyň 110 tonnasyndan gowragy sargyt edildi.

“Täze Aý” kärhanasy Hytaýa doňdurma eksport etmäge başlady. Mary welaýatynyň Mary etrabynda ýerleşýän kärhananyň doňdurmalary ilki bilen synag hökmünde iberildi.

Şu ýylyň ahyrlarynda kompaniýanyň öndürýän plombir görnüşli doňdurmalarynyň 110 tonnasyndan gowragy sargyt edildi. Konteýnerler eýýäm demirgazyk-gündogar welaýaty bolan Çženszýan welaýatynyň Ninbo port şäherine baryp gowuşdy.

Gazanylan ylalaşyga laýyklykda öňümizdäki ýylyň ýanwar aýyndan başlap, “Täze Aý” haryt nyşanly plombirleriň onlarça tonnasy Hytaýa yzygiderli eksport ediler.

2004-nji ýylda esaslandyrylan “Täze aý önümleri” hojalyk jemgyýetinde häzirki wagtda “Täze aý” haryt nyşanly süýt önümleri, doňdurmanyň onlarça görnüşi, et we et önümleri, şöhladyň dürli görnüşleri, türkmeniň milli tagamlary bolan börek, manty, gutap ýaly, ýarym taýýar azyk önümleri öndürilip, täzeligi bilen müşderilere ýetirilýär.

2022