“Täjibaý” meýdançasyndan onlarça million kub metr gaz çykaryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Täjibaý” meýdançasyndan onlarça million kub metr gaz çykaryldy
“Täjibaý” meýdançasynda gaz önümçiliginiň gündelik möçberi 450 müň kub metrden ybaratdyr.

“Lebapgazçykaryş” müdirliginiň hünärmenleri “Täjibaý” gaz ýatagyndan “mawy ýangyç” almaga başladylar. Bu energiýa çig malynyň onlarça million kub metri ilkinji buraw guýularyndan alyndy.

“Täjibaý” meýdançasynda gaz önümçiliginiň gündelik möçberi 450 müň kub metrden ybarat bolup, şol bir wagtyň özünde hem, başga-da üç guýuda synag edilýär.

Täze “Täjibaý” meýdançasy 20 ýyl mundan ozal senagat taýdan işlenmäge başlan “Malaý” iri gaz meýdançasynyň ýanynda ýerleşýär. Ýakyn ýyllarda tebigy gazyň çykarylyşy täze buraw guýularynyň hasabyna artjakdygyna garaşylýar.

“Lebapgazçykaryş” müdirliginiň hünärmenleri ýylyň başyndan bäri sekiz milliard kub metr “mawy ýangyç” we 50 müň tonnadan gowrak gaz kondensatyny öndürdiler.

2022