“Altyn gül” Lebapdan pomidor eksport edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Altyn gül” Lebapdan pomidor eksport edýär
Ýyladyşhananyň esasy aýratynlygy, toplumda pomidorlar kokos gabygynyň garyndysynda ýetişdirilmegidir.

Lebap welaýatynyň Dänew etrabynda “Altyn gül” hususy kärhanasy iki ýarym gektar meýdany tutýan öz ýyladyşhanasynda ýetişdiren pomidor hasylyny Gazagystana we Russiýa eksport edýär.

Hususyýetçiler pomidor ýetişdirmekde Ispaniýa, Gollandiýa, Italiýa ýaly ýurtlaryň baý tejribesini öwrendiler, şeýle hem Türkiýäniň enjamlaryny ýyladyşhanasynda ornaşdyrdylar.

Ýyladyşhananyň esasy aýratynlygy, toplumda pomidorlar kokos gabygynyň garyndysynda ýetişdirilmegidir. Bu ýerde häzirki wagtda 56 müň düýp pomidor oturdylyp, olaryň her birinden 10-15 kilogram hasyl alynýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Altyn gül” hususy kärhananyň ýyladyşhana toplumynda 30-a golaý işgär zähmet çekýär. Ýylyň dowamynda bu ýerden 550-600 tonna aralygynda hasyl ýygylmagyna garaşylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022