Türkmenabat “Garaköli bagana” zawody 1.5 milliona golaý bagana işleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenabat “Garaköli bagana” zawody 1.5 milliona golaý bagana işleýär
Türkmenabat “Garaköli bagana” zawodynda bir ýylyň dowamynda 2 müň telpek, 2-3 müň possundyr içmek tikilýär.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriginiň Türkmenabat “Garaköli bagana” zawodynda bir ýylyň dowamynda 2 müň telpek, 2-3 müň possundyr içmek tikilýär.

Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň buýurmasy esasynda zawodda bagana telpekleri, deri we gön önümleri, possunlar, içmekler, aýakgaplar we guşaklar öndürilýär.

Türkmenabat “Garaköli bagana” zawodynyň düýbi 1928-nji ýylda tutulyp, 1932-nji ýylda işe girizildi. Şol ýyllarda onuň önümçiligi ýylda 150-200 müň bagana işlemeklige ukyply bolupdyr. 1966-njy ýylda durky täzelenen zawodyň kuwwatlylygy ýylyň dowamynda 1 million 450 müň bagana işlemäge ukyply edilýär.

Bagana zawodynyň çig maly hususy eýeçilikdäki hojalyklardan alynýar. Zawodda bagana taýýarlamak üçin Russiýanyň enjamlary ulanylýar.

Türkmenabat “Garaköli bagana” zawodynyň önümleri kärhananyň öz içindäki dükanda ilata hödürlenilýär.

2022