“Kämil ymarat” hususy kärhanasy Aşgabat şäherinde Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň edara binasynyň gurluşygyny ýerine ýetirer.
Binanyň taslamasyny düzmek we ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak baradaky Karara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni gol çekdi.
““Kämil ymarat” hususy kärhanasy bilen şertnamany daşarky eltiji elektrik, gaz, suw we lagym üpjünçiliginiň inžener ulgamlaryny gurmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi” diýlip resminamada bellenýär.
Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag instituty seýsmiki hadysalaryň monitoringi, seýsmiki howplulyga baha bermek üçin maglumatlaryň habar beriş binýadyny döretmek; Türkmenistanyň çägindäki, seýsmiki taýdan howply zolaklaryň seýsmiki etraplaşdyrma we mikroetraplaşdyrma boýunça kartalaryny düzmek; seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmek; seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk pudagynda degişli kadalaşdyryjy resminamalary işläp düzmek işlerini alyp barýar.
Gurluşyk işlerine 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak we binany 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.