Türkmenistanyň günbatar welaýatynda täze döwrebap oba açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň günbatar welaýatynda täze döwrebap oba açyldy
Täze obada üç we dört otagly jaýlaryň jemi 268-si guruldy.

Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda sişenbe güni täze döwrebap Rowaç atly obanyň açylyş dabarasy boldy.

Täze obada üç we dört otagly jaýlaryň jemi 268-si guruldy. Jaýlaryň gurluşygynda oba durmuşynyň aýratynlyklary hem-de türkmen maşgalasynyň ýaşaýyş-durmuşynyň özboluşly däpleri göz öňünde tutuldy. Bu ýerde mellek ýerleri, mal saklamak üçin ýataklar, bassyrma hem bar.

Täze obada iň täze ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün edilen Saglyk öýi, 160 sany körpelere niýetlenen çagalar bagy, 320 okuwça niýetlenen mekdep, şeýle hem Medeniýet öýi, Söwda merkezi we metjit guruldy.

Häzirki wagtda şeýle döwrebap ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy Lebap, Mary we Daşoguz welaýatynyň etraplarynda hem giň gerimde alnyp barylýar.

Şeýle hem sişenbe güni Aşgabat şäheriniň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda üç sany 54 öýli, bir 108 öýli jaýlar açylyp, 270 sany maşgala paýlandy. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022