Gymmatly kagyzlaryň dolanşygyny amala aşyrmagyň tertibi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gymmatly kagyzlaryň dolanşygyny amala aşyrmagyň tertibi
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi gymmatly kagyzlar bazarynyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini amala aşyrýan edaralar bolup durýarlar.

Paýdarlar jemgyýetleriniň gymmatly kagyzlarynyň emissiýasy we dolanyşygy “Paýdarlar jemgyýetleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna we Türkmenistanyň “Gymmatly kagyzlar bazary hakynda” kanunyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Mysal üçin, Türkmenistanyň “Paýdarlar jemgyýetleri hakyndaky” kanunynyň degişli böleginde “Paýnama – öz eýesiniň-paýdaryň jemgyýetiň-emitentiň diwidendler görnüşindäki girdejisiniň bir bölegini almaga, jemgyýetiň dolandyrylmagyna gatnaşmaga we ol ýatyrylandan soň galýan emlägiň bir bölegine hukugyny berkidýän emissiýaly maýa goýum gymmatly kagyzy” bellenipdir.

Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda Türkmenistanyň “Gymmatly kagyzlar bazary hakynda” kanunda göz öňünde tutulan kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

Türkmenistanyň “Gymmatly kagyzlar bazary hakynda” kanunyň hereket edýän çygry

Türkmenistanyň “Gymmatly kagyzlar bazary hakynda” kanunyň hereketi gymmatly kagyzlaryň bazarynda şu aşakdaky gymmatly kagyzlaryň emissiýasynda we dolanyşygynda ýüze çykýan gatnaşyklara degişli bolup durýar:

  • paýnamalaryň;
  • obligasiýalaryň;
  • geçirilýän wekselleriň;
  • geçirilýän bank depozit sertifikatlarynyň;
  • gymmatly kagyzlaryň bazarynda aýlanýan, gymmatly kagyzlardan döredilýän kagyzlar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan gymmatly kagyzlaryň Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazarynda emissiýasy we dolanyşygy göz öňünde tutulýan başga görnüşleri hem kesgitlenip bilner.

Gymmatly kagyzlar bazarynyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmeginiň esaslary 

Gymmatly kagyzlar bazarynyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi şu aşakdakylaryň esasynda amala aşyrylýar:

  • gymmatly kagyzlar bazaryna gatnaşyjylaryň işine hökmany talaplaryň bellenilmegi;
  • gymmatly kagyzlaryň emissiýasynyň (goşmaça emissiýalarynyň) döwlet tarapyndan bellige alynmagy, şeýle hem olarda göz öňünde tutulan borçnamalaryň emitentler tarapyndan berjaý edilmegine gözegçilik edilmegi;
  • gymmatly kagyzlar bazarynda hünär işiniň ygtyýarlylandyrylmagy;
  • gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjysynyň hünärmenleriniň hünär synagyndan geçirilmegi;
  • gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň hukuklaryny goramagyň we olaryň hukuklarynyň emitentler hem-de gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylary tarapyndan berjaý edilmegine gözegçilik ulgamynyň döredilmegi;
  • gymmatly kagyzlar bazarynda hünärmençilik işi amala aşyrylan mahalynda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň we terrorizmiň maliýeleşdirilmeginiň garşysyna hereket edilmegi;
  • gymmatly kagyzlar bazarynda işi degişli ygtyýarnamasy bolmazdan amala aşyrýan şahslaryň işiniň öňüniň alynmagy.

Gymmatly kagyzlar bazarynyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini amala aşyrýan edaralar

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi (mundan beýlak – ygtyýarly edara) gymmatly kagyzlar bazarynyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini amala aşyrýan edaralar bolup durýarlar.

Gymmatly kagyzlar bazaryna gatnaşyjylar

Gymmatly kagyzlaryň emitentleri, maýa goýujylar we gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylary gymmatly kagyzlar bazarynyň gatnaşyjylary bolup durýar.

Gymmatly kagyzlaryň emitenti – Türkmenistanyň “Gymmatly kagyzlar bazary hakynda” kanunyna laýyklykda gymmatly kagyzlaryň emissiýasyny amala aşyrýan, şu gymmatly kagyzlarda berkidilen hukuklaryň amala aşyrylmagy boýunça olaryň eýeleriniň öňünde öz adyndan jogapkärçilik çekýän, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen ýuridik şahs.

Döwletiň gymmatly kagyzlarynyň emitenti bolup Türkmenistanyň degişli döwlet edaralary çykyş edýär.

Gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylary, şol sanda maýa goýum instituty – gymmatly kagyzlar bazaryndaky hünärmençilik işiniň bir ýa-da birnäçe görnüşlerini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamasy bolan ýuridik şahslardyr.

BT Hukuk Bölümi

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022