Türkmenistan täze ýyly garşy alýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan täze ýyly garşy alýar
Täze ýyl baýramçylygy Türkmenistanyň ähli künjeklerinde giňden bellenilýär.

Täze ýyl baýramçylygy Türkmenistanyň ähli künjeklerinde giňden bellenilýär. 2019-njy ýylyň iň soňky güni bolan 31-nji dekabrda ýurduň ilaty däbe öwrülen toý saçaklarynyň başynda, şeýle hem baýramçylyk arçalary bilen bezelen seýilgählerde ýygnanýar.

Sişenbe güni döwlet derejesinde hem Baş arçanyň ýanynda dürli dabaraly çäreler gurnalyp, sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde konsert gurnalýar.

Täze ýylyň öňýanynda Aşgabat şäheriniň seýilgählerini bezemek boýunça telekeçileriň arasynda ýaryş gurnalyp, iň gowy “täze ýyl lybasyny geýnen” seýilgäh hökmünde paýtagtyň “Ylham” seýilgähi ýeňiji diýlip yglan edildi.

Ýurduň söwda nokatlarynda baýramçylyk sowgatlary we beýleki harytlar ilata giňden ýetirilýär.

Türkmenistan 2020-nji ýyla ýagny, “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýip atlandyrylan ýyla gadam basýar.

2022