Türkmenabat şäherinde ýerleşýän "Kiçi Gala" hojalyk jemgyýeti türkmen telekeçileriniň öndüren önümlerini eksport etmäge ýardam berýär.
2015-nji ýylda esaslandyrylan “Kiçi Gala” hojalyk jemgyýeti geçen ýyl hususyýetçiler tarapyndan öndürilen polipropilen haltalaryň 80 tonnadan gowragyny, polipropilen matalaryň 40 tonnadan gowragyny, polipropilen sapaklaryň 70 tonnasyny Ukraina, Russiýa, Gazagystan, Özbegistan, Belarus ýaly ýurtlara eksport etmäge goldaw berdi.
2018-nji ýylda plastik önümlerini öndürmäge başlan kompaniýa önümçilikde zerur çig maly Gyýanlynyň polimer zawodyndan alýar.
“Kiçi Gala” geçen ýylyň dowamynda 10 litrlik plastik bedreleriň 2,100 sanysyny, tutawaçlaryň 100 müň sanysyny, plasmas naýçalaryň 10 tonna golaýyny öndürdi.
Şu ýylyň dowamynda “Kiçi Gala” hojalyk jemgyýeti pomidor hasylyny eksport etmek boýunça hem daşary ýurtly we ýerli kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýär.