“Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň applikasiýasy ulanyşa girizildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň applikasiýasy ulanyşa girizildi
“Biznes Türkmenistan” internet neşiri “Google play” we “App Store” platformalarynda öz applikasiýasyny hödürledi.

“Biznes Türkmenistan” (BT) internet neşiri 2019-njy ýylyň ahyrynda “Google play” we “App Store” platformalarynda öz applikasiýasyny hödürledi.

Applikasiýa gündelik habarlar bilen tiz wagtda tanyşdyryp, Türkmenistanda hödürlenýän tenderleri, geljekde ýurtda we dünýäde gurnaljak sergiler baradaky maglumatlary, Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary we täze iş orunlaryny yzarlamaga mümkinçilik döredýär.

“BT” applikasiýasy “Android” bilen işleýän enjamlarda dolandyryş ulgamyň 4.1 we ondan soňky görnüşlerinde, “iOS” dolandyryş ulgamy bilen işleýän enjamlarda bolsa, 8.0 we ondan soňky görnüşlerinde elýeterlidir.

Türkmenistanda hususy eýeçilik pudagynda durmuşa geçirilýän giň gerimli taslamalary ýerli we halkara jemgyýetçiligine ýetirmekde alyp barýan işleri üçin türkmen, rus we iňlis dillerinde ýöredilýän “Biznes Türkmenistan” internet neşiri täze ýylyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Hormat hatyna mynasyp boldy.