“Toyota” Ýaponiýada geljegiň şäherini gurar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Toyota” Ýaponiýada geljegiň şäherini gurar
““Woven City” özaşdak hereket edýän awtoulaglary, “smat öýleri”, emeli aňy we beýleki öňdebaryjy tehnologiýalary synag etmek üçin özboluşly meýdança bolar” diýip, kompaniýanyň ýolbaşçysy Akio Toýoda belledi.

Ýaponiýanyň transmilli awtoulag öndürijisi “Toyota Motor Corp” täze öňdebaryjy tehnologiýalaryň synagyny geçirmek maksady bilen Fuji dagynyň eteginde “geljegiň şäherini” gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada “Japan Times” gazeti kompaniýanyň başlygynyň Las-Wegas şäherinde geçirilen “Consumer Electronics Show” (CES) atly sergisinde eden çykyşyna salgylanyp habar berýär.

Geljegiň şäheri “Woven City” (Dokama şäher) diýip, kompaniýanyň mata önümçiliginden başlandygynyň şanyna atlandyrylar.

““Woven City” özbaşdak hereket edýän awtoulaglary, “smart öýleri”, emeli aňy we beýleki öňdebaryjy tehnologiýalary synag etmek üçin özboluşly meýdança bolar” diýip, kompaniýanyň ýolbaşçysy Akio Toýoda belledi.

Şäheri gurmak üçin “Toyoto” 2020-nji ýylyň ahyryna gabatlap, Sizduoka welaýatyndaky zawodlaryň biriniň işini durzar. Şäherde ilkinji ýyllarda, hususan-da gurnaýjylardan ybarat bolan 2 müň adam ýaşamaga başlar. Taslamany durmuşa geçirmäge indiki ýyl girişmek meýilleşdirilýär.

Şäheriň esasy köçelerinde diňe ekologiýa hiç hili zyýan bermeýän awtoulaglar hereket eder.

Ýaşaýjylar öýlerinde gündelik durmuşdaky işleri üçin kömek berjek robotlary saklarlar. Olarda oturdylan sensorly emeli aň öý eýeleriniň saglyklaryna gözegçilik eder.

Şäheriň konsepsiýasyny daniýaly arhitektor Býark Ingels taýýarlar. Onuň kompaniýasy mundan ozal Nýu-Ýorkdaky ikinji Bütindünýä söwda merkeziniň we “Google” tehnologiýa ägirdiniň Silikon jülgesindäki we Londondaky binalarynyň taslamasyny işledi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022