Türkmen Lideri desgalaryň elektrik üpjünçiliginde özbaşdak ulgama ünsi çekdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Lideri desgalaryň elektrik üpjünçiliginde özbaşdak ulgama ünsi çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow desgalaryň elektrik energiýa üpjünçiliginiň özbaşdak ulgamynyň nazarda tutulmagynyň örän uly ähmiýetli bolup durýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, käbir desgalaryň taslamalary hem-de şäheriň energiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça meýilleşdirilýän işler bilen tanyşdy.

Saparyň dowamynda berlen hasabatlary diňlän döwlet Baştutany desgalaryň elektrik energiýa üpjünçiliginiň özbaşdak ulgamynyň nazarda tutulmagynyň örän uly ähmiýetli bolup durýandygyny belläp, bu ugurda tutuş paýtagt boýunça hem öňde durýan wezipeler ýerine ýetirilende şol ýörelgeden ugur alynsa maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Türkmen Lideri ýurtda elektrik energetikasynyň ägirt uly kuwwaty barada aýdyp, energiýa serişdeleriniň möçberi boýunça Türkmenistanyň dünýäniň iň baý döwletleriniň biridigini hem belledi.

Şeýle-de Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda elektrik energetikasy pudagyna ýangyjyň sarp edilişini azaltmaga hem-de şol bir wagtyň özünde elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberini artdyrmaga mümkinçilik berýän ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýändigini belledi.

Häzirki wagtda türkmen elektrik energiýasy Özbegistana we Owganystana iberilýär. Pudagyň hünärmenleri tarapyndan TOPH gaz geçirijisi bilen ugurdaş, güýjenmesi 500 kilowolt bolan Türkmenistan-Owganystan-Päkistan elektrik geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.

2022