Daşoguzda hususy maldarçylyk fermalaryň sanawyna täzeleri goşular

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguzda hususy maldarçylyk fermalaryň sanawyna täzeleri goşular
Daşoguzda telekeçiler tarapyndan gurulýan hususy maldarçylyk fermalarynyň sanynyň şu ýyl hem artmagyna garaşylýar.

Daşoguz welaýatynda telekeçiler tarapyndan gurulýan hususy maldarçylyk fermalarynyň sanynyň şu ýyl hem artmagyna garaşylýar.

Ýaňy-ýakynda Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Arslan Çowdurow iri şahly mallaryň sanyny artdyrmak maksady bilen maldarçylyk toplumynyň gurluşygyna başlady. Bu taslamany durmuşa geçirmek üçin döwlet tarapyndan 99 ýyl peýdalanmak üçin 103 gektar ýer bölünip berildi. Ýeriň 3 gektaryny maldarçylyk toplumy eýeläp, galan 100 gektary mallara iým önümçiligi üçin niýetlenendir.

“Gaýratly türkmen” hususy kärhanasy welaýatyň Görogly etrabynda et we süýt önümlerini öndürmek üçin maldarçylyk fermasynyň gurluşygyny dowam edýär. Bu fermanyň umumy tutýan meýdany 223 gektara barabar bolup, 8 gektary maldarçylyk toplumy üçin we 215 gektary iým önümçiligi üçin niýetlenen.

Demirgazyk welaýatynyň Ruhubelent, S.Türkmenbaşy we S.A.Nyýazow etraplarynda hem hususy maldarçylyk fermalaryň gurluşyklary dowam edýär.

2022