Aşgabat şäherinde täze ýaşaýyş jaý toplumlarynyň düýbi tutulýar; gurluşygy dowam edýän desgalar iki ýylyň dowamynda tamamlanar.
Şu ýyl “Parahat–7” ýaşaýyş toplumynda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, şeýle hem daş töweregi abadanlaşdyrmak işleri dowam eder. Aşgabat şäher häkimliginiň gurluşyk kärhanalary 10 ýyl Abadançylyk we Alty Garlyýew köçelerinde täze jaýlaryň binýady üçin taýýarlyk işlerini alyp barýar.
Bölünip berlen ýerde 23 sany bitewi görnüşli ýaşaýyş jaýlary gurlar. 36 we 54 sany öýli dokuz gatly jaýlar müňden gowrak maşgala üçin niýetlenendir. Şol ýerde park zolagy, çagalar üçin oýun meýdançalary we sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar, awtoulag duralgalary we beýleki desgalar gurlar.
Paýtagtyň Büzmeýin etrabynda gurluşygy dowam edýän ýaşaýyş toplumynda 35 sany dört gatly jaý emele geler. “Türkmendemirbeton” kärhanasy tarapyndan gurulýan bu uly panelli jaýlaryň ýigrimi sanysynyň diwarlary galdyryldy. Şeýle-de 9 sany 32 öýli jaýlar ulanyşa berildi. Ýene-de ýedi sanyny şu ýylyň maý aýynda ulanyşa berler.
Büzmeýinde guruljak ýaşaýyş toplumynyň ikinji tapgyrynda 15 sany jaýy bina etmek göz öňüne tutulýar. Bu ýerde jaýlar bilen bir hatarda söwda merkezi, çagalar bagy we mekdep hem gurlar. Binanyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, şol ýerlerde çagalaryň oýnamagy, sport bilen meşgullanmak, medeni-köpçülik çärelerini we dabaralary geçirmek üçin amatly şertler we awtoulag duralgalary dörediler. Gurluşygyň tamamlanmagy 2021-nji ýylda meýilleşdirilýär.
Gurluşygy dowam edýän Gurtly ýaşaýyş toplumynyň ikinji tapgyrynda gurulýan dört gatly ýaşaýyş jaýlary üç müňden gowrak maşgala üçin niýetlenendir.