“Oguzabat” sport işewürligine syýahatçylygy sepledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Oguzabat” sport işewürligine syýahatçylygy sepledi
“Oguzabat” sport enjamlaryny we beýleki esbaplary getirmek, şeýle-de olary açyk we ýapyk sport meýdançalarda gurnap bermek işini ýola goýdy.

Işewürlige sport enjamlaryny üpjün etmek bilen girişen “Oguzabat” hojalyk jemgyýeti syýahatçylyk bilen hem meşgullanmaga başlady.

2012-nji ýylda esaslandyrylan “Oguzabat” ilki bilen sport enjamlaryny we beýleki esbaplary getirmek, şeýle-de olary açyk we ýapyk sport meýdançalarda gurnap bermek işini ýola goýdy.

Geçen hepdäniň çarşenbe güni Aşgabat şäherinde 700 inedördül metr meýdany tutýan “Oguz” sport klubyny açan hojalyk jemgyýeti bu ýere geljek müşderileriň dogry türgenleşik geçmegi üçin hem şert döretdi. Sport klubynda ýurtda adygan tälimçiler tarapyndan maşklaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik edilýär.

“Oguz” sport toplumynda türgenleşik geçjekler üçin zerur bolan dürli mümkinçilik döredilip, toplumyň çäginde sport dükany hem hyzmata açyldy.

2016-njy ýylda syýahatçylyk işi boýunça ygtyýarnama alan “Oguzabat” bu işi hem öz iş ugurlary bilen utgaşdyrdy. Şeýlelikde, daşary ýurtdan geljek we syýahata gitjek ýerli raýatlary kärhananyň hyzmatlaryndan peýdalanmaga ugrukdyrylýar. Bu güne çenli “Oguzabat” Awstraliýadan, Angliýadan, Ispaniýadan Türkmenistana gelen myhmanlara gezelenç gurnady.

2022