Türkmenistanyň hususy pudagy ÝUNIDO bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini giňeldýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň hususy pudagy ÝUNIDO bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini giňeldýär
ÝUNIDO-nyň Awstriýanyň Wena şäherinde ýerleşýän merkezi binasy

Türkmenistanyň hususy pudagy ÝUNIDO bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini giňeldýär

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Aleksandr Dadaýew duşenbe güni BMG-niň Senagaty ösdürmek guramasynyň (ÝUNIDO) Ýewropa we Aziýa sebitleri boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Ýasek Sukrowski bilen duşuşdy.

TSTB-niň başlygy myhmany Birleşmäniň işi bilen, türkmen telekeçileriniň durmuşa geçirýän taslamalary we geljekki maksatnamalar bilen tanyşdyrdy. Duşuşygyň barşynda türkmen hususy pudagynyň wekilleriniň halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek boýunça alyp barýan işlerine üns çekildi.

Ýasek Sukrowski öz gezeginde, Türkmenistanyň senagat pudagynda öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmekdäki meýilnama laýyk çemeleşmeleri, şeýle hem ÝUNIDO-nyň ýurduň döwlet edaralary bilen, esasan-da, tekstil we haly önümçilik pudaklaryndaky gatnaşyklaryň işjeňligini aýratyn belledi.

Gepleşigiň barşynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ÝUNIDO bilen giň gerimli gatnaşyklaryň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

BMG-niň ÝUNIDO guramasy 1966-njy ýylda esaslandyrylyp, 1985-nji ýylda ýörite agentlige öwrüldi. Gurama dürli ýurtlarda senagatyň, tehnologiýanyň, goýumlaryň çekilmegi üçin maliýe goldawyny we beýleki zerurlyklary üpjün etmek maksatly döredilendir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022