Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan üç sany kärhana halkara standartlaşdyryş guramasynyň “Hil dolandyryş ulgamy” (ISO 9001:2015) we “Azyk önümleriniň howpsuzlygy pudagyndaky dolandyryş ulgamy” (ISO 22000:2018) boýunça laýyklyk sertifikatlaryna mynasyp boldular.
Ýewropa Bileleşiginiň SARD III taslamasynyň mejlisler jaýynda anna güni geçirilen çärede sakgyç öndüriji telekeçi Akmyrat Sapargylyjowa ISO 9001:2015 we ISO 22000:2018, azyk önümleri üçin gaplary öndürýän telekeçi Bahadur Ahmedowa ISO 22000:2018, şeýle-de oba hojalygy hem-de deňiz we nebit-gaz senagatynyň kärhanalaryny haryt bilen üpjün edýän telekeçi Kirill Gorodnowa ISO 9001:2015 sertifikatlary gowşuryldy.
Bu kärhanalarda ornaşdyrylan we sertifikatlaşdyrylan dolandyryş ulgamy çig malyň we taýýar önümiň harajatlaryny azaltmaga, içerki işewürlik işleriniň netijeliligini artdyrmaga, işgärleriň borçlarynyň anyk kesgitlenmegine mümkinçilik döreder. Bu sertifikatlaryň eýeleri öz önümlerini daşary ýurtlara eksport edenlerinde, hyzmatdaşlar we maýa goýujylar bilen gepleşik geçirenlerinde, şeýle hem bäsleşiklere gatnaşanlarynda goşmaça artykmaçlyklary alarlar.
Sertifikatlar Slowakiýada ýerleşýän “CERT International” tarapyndan berlip, onuň halkara auditorlary 2019-njy ýylyň noýabr aýynda bu kärhanalaryň hil we azyk howpsuzlygynyň dolandyrylyş ulgamynyň hemmetaraplaýyn barlagyny geçirdiler.
2020-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri, “CERT International” özüniň resmi hyzmatdaşy “Halkara standart hyzmatlary” HK-nyň “HIL-TM” merkeziniň üsti bilen Türkmenistanda hemişelik esasda wekilçilik edýär.