Garagumda pisse we badam ýetişdiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Garagumda pisse we badam ýetişdiriler
Türkmen hünärmenleri Garagumda pisse we badam agaçlaryny ýetişdirmek boýunça ylmy-tejribe işlerini geçirýärler.

Türkmen hünärmenleri Garagumda pisse we badam agaçlaryny ýetişdirmek boýunça ylmy-tejribe işlerini geçirýärler.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň Tokaý we meýdan ekologiýasy barlaghanasynyň hünärmenleri tarapyndan geçirilýän barlag işleriniň şu ýyl jemleýji bäşinji ýylydyr.

Ylmy-tejribe işleri Merkezi Garagumyň günortasynda ýerleşýän Garrygul meýdançasynda çöllük şertlerinde ýerasty we howa suwlaryny ulanyp, gury iýmiş agaçlaryny ösdürip ýetişdirmek bilen baglydyr. Bu ýerde soňky dört ýylyň dowamynda her ýyl pisse we badam agaçlaryny oturtmak we seretmek işleri geçirildi. Geçirilen barlaglaryň dowamynda ösümlikleriň ekstremal howa şertlerinde ýaşaýşa ukyplylygy we toprakda yzgaryň saklanyş usullary öwrenildi.

“Ösümlige zyýan ýetirip biljek mör-möjekleriň ýok ediş usullary öwrenildi. Topragyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen ösümlik oturdylan çukurlar çägä garylan organiki garyndylar bilen ýapyldy” diýip, barlaghananyň ýolbaşçysy Guwanç Atahanow nahallaryň ýetişdirilişi barada maglumat berdi.

Şu ýyl tejribe işleriniň tamamlaýjy tapgyryna başlan hünärmenler ösdürip ýetişdiren agaçlarynyň uzyn ömürli bolmagyny gazanmagyň ýollaryny öwrenip, ähli prosesiň netijesini neşir etmegi meýilleşdirýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022