“Euronews” türkmen ýaýlymlary bilen tejribelerini paýlaşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Euronews” türkmen ýaýlymlary bilen tejribelerini paýlaşar
Roland Nikolaou “Euronews” bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine berýän ünsi we bildirýän ynamy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde sişenbe güni “Euronews” habarlar teleýaýlymynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy, işewürligi ösdürmek boýunça Baş direktory Roland Nikolaou bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda teleradioýaýlymlar ulgamyndaky öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylmagy, bilermenlik başarnyklarynyň we tejribeleriniň alyşylmagy arkaly maglumat materiallaryny taýýarlamak babatynda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Nikolaou “Euronews” bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine berýän ünsi we bildirýän ynamy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirip, şu ýyl Türkmenistanda geçiriljek çäreleriň ähmiýetini aýratyn nygtady.

Gepleşigiň barşynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň bellenilip geçilmegi bilen baglylykda ýörite rubrikalaryň taýýarlanylmagy boýunça pikirler alyşyldy. Şu mynasybetli 2020-nji ýylyň 11-12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek halkara maslahaty barada giňişleýin gürrüň edildi.

Taraplar şonuň ýaly-da Türkmenistanda geçiriljek iri göwrümli sport çäreleri barada hem pikir alyşdylar, şeýle-de medeniýet we taryh bilen bagly bolan materiallaryň taýýarlanylmagy ulgamynda tejribeleri alyşmagyň mümkinçiliklerine seredip geçdiler.

Fransiýanyň Lýon şäherinde 1993-nji ýylda açylan “Euronews” gepleşiklerini 13 dilde alyp barýar. Teleýaýlyma dünýäniň 160 ýurdunda 400 million öýünde tomaşa edilýär. Ýewropada bu ýaýlym iň köp tomaşaça eýedir.

2022