Türkmen alymlarynyň oýlap tapyşlary himiýa senagatynda ornaşdyryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen alymlarynyň oýlap tapyşlary himiýa senagatynda ornaşdyryldy
"Türkmenhimiýa" döwlet konserniniň “Maryazot” kärhanasy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlarynyň 2019-njy ýylda hödürlän ýedi ylmy oýlap tapyşlary ykrar edildi we Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň Döwlet intellektual eýeçilik gullugy tarapyndan patentlendi.

Alymlaryň hödürlän täzelikleriniň agramly bölegi “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň, şeýle hem beýleki pudaklaryň kärhanalarynda ornaşdyryldy.

Himikler hususan-da, Türkmenabadyň himiýa zawodynda koagulýantyň önümçiligini ýola goýmaga ýardam etdiler. “Maryazot” kärhanasynda kaustik sodasynyň önümçiligine başlandy. “Türkmensement” önümçilik birleşiginiň kärhanalary üçin tebigy serişdeler bolan bazaltyň we demir magdanynyň ulanylmagy bilen öndürilýän sementiň täze görnüşleri işlenip taýýarlanyldy.

Şeýle-de türkmen himikleri tarapyndan Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň tehnologlary bilen bilelikde Gyýanlynyň polimer zawodynyň galyndylaryndan ýokary oktanly benzin almagyň tehniki düzgünleri ornaşdyrylady hem-de “Türkmenhimiýa” DK-niň sargydy boýunça Garabogazda mineral duzlaryny senagat taýdan işlemegiň tehniki-ykdysady esasnamasy taýýarlanyldy.

Geçen ýyl himiýa ylymlarynyň kandidaty, Himiýa institutynyň nebitgaz himiýasy we tehnologiýasy bölüminiň müdiri Myratdurdy Keýmirow oýlap tapyş patentini iň köp alan alym boldy. Soňky üç ýylyň içinde himik Döwlet intellektual eýeçilik gullugy tarapyndan hasaba alnan 15 innowasion teklipleri taýýarlady.

Keýmirow geçen ýylda ýol bitumynyň häsiýetlerini durnuklaşdyrýan modifikatory taýýarlady. Alym tarapyndan agyz suwuny almak üçin elektrik koagulýatorly üç basgançakly süzgüç işlendi. “Türkmenhimiýa” DK-niň “Maryazot” kärhanasynda ammiagyň konwersiýasynyň derejesine gözegçilik etmegiň we ony sazlamagyň netijeli usuly ornaşdyryldy.

Himik alymyň birnäçe teklipleri ekologiýa meseleleriniň ençemesini çözmäge mümkinçilik berdi. “Maryazot” önümçilik birleşiginde gaýtadan ulanmak üçin akdyrylan suwlaryň gatylygyny ýok etmegiň usuly kämilleşdirildi. Ýerli tebigy material bolan seoliti ulanmak arkaly suw bugyny ammiakdan arassalamagyň netijeli usuly girizildi.