Germaniýaly kompaniýalar Türkmenistanda maýa goýuma gyzyklanma bildirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Germaniýaly kompaniýalar Türkmenistanda maýa goýuma gyzyklanma bildirýär
Türkmenistanda iş saparynda bolýan Germaniýanyň wekiliýeti anna güni Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanda iş saparynda bolýan Germaniýanyň wekiliýeti anna güni Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde duşuşyk geçirdi.

Türkmen kompaniýalarynyň hem gatnaşan duşuşygynda çykyş eden Birleşmäniň başlygy Aleksandr Dadaýew german wekiliýetine telekeçileriň alyp baran işleri bilen tanyşdyryp, “Birleşme döredilen gününden başlap, türkmen telekeçileri 6 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýdy” diýip belledi.

Türkmen-german hyzmatdaşlygy boýunça hem aýdyp geçen Dadaýew 2018-nji ýylda ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň 18 sanysynyň gazanylandygyny belledi we bularyň käbirleri boýunça işleriň dowam edýändigini aýtdy.

“2019-njy ýylda gazanylan ylalaşyklaryň 20 sanysy hem doly durmuşa geçirildi” diýip, Birleşmäniň başlygy gatnaşyklaryň prosesi barada gürrüň berdi.

Germaniýaly işewürleri ýurtda maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga çagyran TSTB-niň ýolbaşçysy energiýa üpjünçiligi we eksporta gönükdirilen önümçilik boýunça giň mümkinçilikleriň bardygyny aýratyn belledi.

Öz iş ugurlary we hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada çykyş eden myhmanlar türkmen tarapynyň tekliplerine we Türkmenistanda maýa goýuma gyzyklanma bildirdiler. Germaniýaly wekiller Türkmenistanyň iri desgalaryny tehniki enjamlar bilen üpjün etmek boýunça pikirlerini aýtdylar.

Häzirki günde Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi tarapyndan german maýadarlarynyň 57 kompaniýasy we 183-den gowrak bilelikdäki taslamasy hasaba alnandyr.

2022