Türkmen-german kompaniýalary logistika we enjamlaşdyryş boýunça Ähtnama gol çekdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-german kompaniýalary logistika we enjamlaşdyryş boýunça Ähtnama gol çekdiler
Germaniýanyň “MTS Mangal Transport & Shipping GmbH” kompaniýasy bilen “Türkmen logistika assosiasiýasy” HJ-niň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ähtnama gol çekildi.

Türkmen we german kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekildi.

Ähtnama Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde Germaniýanyň wekiliýeti bilen anna güni geçen duşuşykdan soň gol çekildi.

Ilki bilen Germaniýanyň “MTS Mangal Transport & Shipping GmbH” kompaniýasy bilen “Türkmen logistika assosiasiýasy” hojalyk jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ähtnama gol çekildi.

German kompaniýasynyň wekili duşuşygyň barşynda eden çykyşynda Türkmenistanda geljekde logistika pudagynda hünärmenleri taýýarlamak boýunça Türkmen-german institutyny we Türkmenistanda logistika merkezini açmak baradaky maksatnamalaryny hödürläpdi.

Şeýle hem, Germaniýanyň “ZAB Zementanlagenbau GmbH Dessau” (ZAB GmbH) kompaniýasy bilen TSTB-niň agzasy “Ukyply kärdeşler” hususy kärhanasy hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ähtnama gol çekdiler. “ZAB GmbH” kompaniýasy Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda guruljak sement zawodynyň enjam üpjünçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022