Türkmenistanda guruljak sement zawodynda german enjamlary oturdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda guruljak sement zawodynda german enjamlary oturdylar
Anna güni “ZAB Zementanlagenbau GmbH Dessau” (ZAB GmbH) kompaniýasy bilen “Ukyply kärdeşler” hususy kärhanasy hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ähtnama gol çekdiler.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde anna güni “ZAB Zementanlagenbau GmbH Dessau” (ZAB GmbH) kompaniýasy bilen “Ukyply kärdeşler” hususy kärhanasy hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ähtnama gol çekdiler. German kompaniýasynyň wekili Gennadiý Mahtumowyň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren beýanatynda kompaniýanyň GDA ýurtlarynyň çäginde 1990-njy ýyllardan bäri hyzmatdaşlyk edýändigini aýtdy.

““Ukyply kärdeşler” hususy kärhanasy bilen gol çekilen Ähtnama biziň Türkmenistanyň senagat pudagynda goşandymyzy goşmaga uly ýardam berer. Biz bilelikde Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda guruljak sement zawodyny kuwwatlygy ýylda 1 million tonna bolan enjamlar bilen üpjün etmegi ýola goýmagy meýilleşdirýäris” diýip, Mahtumow aýtdy.

Şeýle hem Mahtumow kompaniýanyň Russiýada 10 sany ekologiýa taýdan zyýansyz enjamlar bilen üpjün edilen zawodlary gurup işe girizendigini belledi.

“ZAB Zementanlagenbau GmbH Dessau” kompaniýasynyň sement zawodlarynyň gurluşygyny alyp barmakda 150 ýyllyk tejribesi bardyr. Baş edarasy Germaniýanyň Kýoln şäherinde ýerleşýän kompaniýa sement önümçilik pudagynda döwrebap tehnologiýalary, enjamlary we hyzmatlary hödürlemekde dünýäde öňdebaryjy kompaniýalaryň biridir. 

2022